Eýranyň saýlanan prezidenti Serbiýa bilen gatnaşyklaryň pugtalanmagyny garşy aldy
Serbiýanyň prezidentiniň telefon jaňyna jogap edip, Eýranyň saýlanan prezidenti: Eýranyň bu ýurt bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we berkitmek üçin çägi ýokdyr diýdi.
IRIB habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Eýranyň saýlanan prezidenti "Masud Pezeşkian" Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Weçiç bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň ähli ýurtlaryň territorial bitewiligine hormat goýýandygyny aýtmak bilen Eýranyň Serbiýa bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we berkitmek üçin çägi ýokdyr diýip beýan etdi.
Masud Pezeşkian, Eýranyň Yslam Şura Mejlisinde wekilçilik edýän döwründe Eýran-Serbiýa parlament dostluk toparynyň başlygydygyna ünsi çekip, özara hyzmatdaşlyk bilen, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ugurlaryny we mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bileris diýip umyt bildirdi.
Bu telefon jaňynda Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Weçiç hem Pezeşkiany saýlawlarda ýeňiş gazanmagy bilen gutlap Şehit Seýid Ebrahim Raisiniň döwründe Eýran-Serbiýa gatnaşyklary gowy ösdi we siziň prezidentligiňizde hem gatnaşyklary gowulaşdyrmak we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek prosesi dowam eder diýip umyt edýärin diýdi.
Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyry anna güni (5-nji iýul) geçirildi we "Masud Pezeşkian" Eýran halkynyň dokuzynjy prezidenti hökmünde saýlandy.