Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Sionistleriň garşysynda dymmak, jellatlaryň elini açmakdyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Sionisleriň Gaza zolagynda amala aşyrýan jenaýatlaryna yşarat etmek bilen bir wagtda halkara köpçüliginiň bu jenaýatlaryň garşysynda dymyp oturmagyny tankytlady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi X sosial ulgamynda sionist režimiň Gaza zolagyndaky Al-Kahira mekdebiniň şäherçesini nyşana alyp, başga bir aýylganç jenaýat edendigini we köp sanly bigünä raýaty öldürendigini ýazdy.
Bu hüjümde 11 palestinaly şehit boldy we başga-da birnäçe adam ýaralandy.
Kanani Çafi, sionistleriň ähli zalymlygy, rehimsizligi we adamzada garşy jenaýatlary sebäpli hökümetleriň we halkara ýygnaklarynyň dymmagy we hereketsizligi, Gaza Zolagynda jenaýatlaryny dowam etmek üçin jellatlaryň elini açyk goýmakdyr diýip nygtady.