Kanani: Sionistleriň jenaýatlarynyň öňünde dymmak jellatlaryň elini açyp goýmakdyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Sionist režimiň Gaza zolagynda eden täze jenaýatyna ünsi çekip, halkara jemgyýetçiliginiň bu jenaýatlar bilen baglanyşykly dymmagyny we hereketsizligini tankytlady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi X sosial ulgamynda sionist režimiň Gaza şäherindäki Al-Kahira mekdebini nyşana alyp, başga bir aýylganç jenaýat edendigini we köp sanly bigünä raýaty ýigrenji görnüşde öldürendigini ýazdy.
Bu hüjümde 11 palestinaly şehit boldy we başga-da birnäçe adam ýaralandy.
Kanani Çafi, sionistleriň ähli zalymlygy, rehimsizligi we adamzada garşy jenaýatlarynyň öňünde hökümetleriň we halkara ýygnaklaryň dymmagy we hereketsizligini aslynda Gaza zolagynda dowam edýän genosidiň dowamy üçin ganhur jellatlarynyň elini açyp goýmak hökümindedir diýdi.
Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary şeýle-de, adam hukuklaryny toslaýanlaryň we bu režime ýarag eksport edijilerini palestinalylary köpçülikleýin öldürmekde sionist jenaýatçylaryň şärikleri we doly hyzmatdaşlarydygyny aýtdy.
Palestina Saglygy goraýyş ministrliginiň Gaza zolagyndaky statistikasyna görä, 7-nji oktýabrdan bäri sionist režimiň hüjümleri netijesinde 38 müň 794 palestinaly şehit boldy we 89 müň 364 adam ýaralandy.