Tähranyň juma namazynyň ymamy: Ýemeniň pilotsyz uçar hüjümi sionistlere duýduryş boldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25250-tähranyň_juma_namazynyň_ymamy_Ýemeniň_pilotsyz_uçar_hüjümi_sionistlere_duýduryş_boldy
Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Ýemeniň Tel Awiw şäherine hüjümi sionist ýyrtyjy haýwanlarynyň Gazanyň halkyna garşy agressiýasyny bes etmek üçin duýduryşdyr diýdi.
(last modified 2024-07-20T03:51:27+00:00 )
Jul 20, 2024 08:51 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň ymamy: Ýemeniň pilotsyz uçar hüjümi sionistlere duýduryş boldy

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Ýemeniň Tel Awiw şäherine hüjümi sionist ýyrtyjy haýwanlarynyň Gazanyň halkyna garşy agressiýasyny bes etmek üçin duýduryşdyr diýdi.

Düýn anna güni irden Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary yaahýa Sare Tel Awiwe garşy pilotsyz uçar hüjüminiň üstünlikli amala aşyrylandygyny habar berdi; Bu hüjümde uly pilotsyz uçar deňizden pes belentlikde Tel Awiwiň ýanyna baryp, Ysraýylyň goranyş ulgamlarynyň ähli gatlaklaryndan geçip, Tel Awiwdäki Amerikan ilçihanasynyň golaýyndaky binany urdy.

Bu mesele  bilen  baglylykda we IRNA-nyň habaryna görä, Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn hatyby Hojjatul Yslam Seýid Muhammet Hasan Abu Tarabifard, Tähran şäherinde geçirilen juma namazda Ýemeniň Ansarullah güýçleriniň pilotsyz hüjümine yşarat edip, Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky ulumsy dünýäniň agressiýasyna garşy duran Ýemeniň güýçleri yslam ummaty üçin ýene bir mertebe we abraý döretdi diýdi.

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy  şeýle-de bu güýçli pilotsyz uçar Amerikanyň ilçihanasynyň golaýynda bir bena degendir we Sionist ýyrtyjy haýwanlaryň Gazadaky doganlarymyza agressiýasyny bes etmek üçin duýduryşdyr diýdi.