Jul 28, 2024 16:43 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri: höküm bermek dabarasy Eýranyň saýlawlary kitabynyň iň soňky sahypasydyr

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, prezidente höküm bermek dabarasyny Eýranyň halkynyň we 14-nji saýlawlara gatnaşanlaryň halkyň hormat ýygyndysynda saklan baý kitabynyň soňky sahypasy hökmünde okadylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Hezretleri Aýatolla Hameneýi, ýekşenbe güni, Eýran Yslam Respublikasynyň 14-nji prezidentlik möhletiniň we Eýran halkynyň saýlanan prezidentiniň resmi taýdan kasam kabul ediş dabarasynda, 14-nji saýlawyň geçirilmegini halkyň möhüm synagda gazanan üstünligi diýip atlandyrdylar.

Hezretleri şeýle-de saýlawyň süýji netijesiniň Eýran halkynyň tagamynda duýulmalydygyna umyt bildirip, ýurtdaky häzirki demokratiýany halka Yslam Rewolýusiýasynyň sowgady diýip atlandyrmak bilen soňky kyrk ýyldan gowrak wagtda, Bäsdeşlik, saglyk we halkyň höwesli gatnaşmagy bilen onlarça saýlaw geçirildi, kämahal gatnaşmak ýokarydy, käte azdy emma esasy ähmiýet, hemişe bar bolan adamlaryň höwesidi diýip  beýan etdiler.

Hezreti Aýatolla Hameneýi, milli walýutanyň gymmaty, önümçilik, maýa goýum, iş gurşawyny gowulandyrmak, şeýle hem halkyň durmuşyny gowulandyrmak üçin gyssagly we gysga möhletli çäreler ýaly möhüm meselelerde ykdysady çärelere garamagy zerur bilek bilen ýurduň resmilerine we işgärlerine içerki güýje baha bermegi we oňa bil baglamagy buýurdylar.

Hezretleri wezipeli adamlara garap dünýäde haýsydyr bir gowy we abraýly iş edip bilersiňiz ediň, ýöne içerki güýç we başlangyçlary ýatdan çykarmaň diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneý Hezretleri, daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny aýdyp, Eýranyň köp goňşusy bolmak artykmaçlygyna ünsi çekip, goňşulary bilen gatnaşyklary berkitmek üçin işlemegiň we çynlakaý tagallalaryň zerurdygyny aýtdylar we Daşary syýasatyň ýene bir ileri tutulýan ugry, Eýranyň diplomatik pudagyny giňeldip biljek Afrika we Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk saklamak hasapladylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sözüniň dowamynda Ýewropa ýurtlarynyň daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlaryň arasynda agzalmazlygy oppozisiýa we duşmançylygy aňlatmaýar has dogrusy, sanksiýalar, nebit we adam hukuklary ýaly galp ýagdaýlar ýaly ýagdaýlarda Eýrana gowy garamaýandyklary sebäplidir we bu erbet gylyk-häsiýetleri bolmasa, olar bilen aragatnaşyk saklamak Eýran Yslam Respublikasynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir diýip aýtdylar.

Aýatolla Hameneýi çykyşynyň soňky bölüminde Gaza meselesini global mesele diýip atlandyrdylar we Palestina bir wagtlar yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň meselesi bolupdy, emma häzirki wagtda umumy we global meselä öwürlendir we ABŞ Kongresine, Birleşen Milletler Guramasyna, Olimpiýa oýunlaryna we ähli ugurlara çekilendir diýdiler.

Hezretleri garşylygyň güýjüniň yzygiderli ýokarlanmagyna ünsi çekip, Sionistler Amerikanyň we käbir dönük hökümetleriň kömegi bilen garşylyk güýjüni ýok edip bilmediler we Hamasy ýok etmek baradaky kesgitlenen maksady başa barmady we Hamas, jihad we garşylyk doly güýç bilen berek durandyrlar diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri şeýle hem ABŞ Kongresiniň iki gün ozal sionist jenaýatçynyň söhbetlerini eşitmek üçin oturmagyny uly masgaraçylyk diýip atlandyrmak bilen dünýä Gazadaky waka barada çynlakaý karar bermeli we hökümetler, halklar we syýasy we intellektual şahsyýetler dürli ugurlarda çäre görmelidirler diýip nygtadylar.

Tags