Eýranyň prezidenti: Geljekki döwletiň üstünligi kanuna boýun bolmakdyr
(last modified Sun, 28 Jul 2024 12:50:00 GMT )
Jul 28, 2024 17:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Geljekki döwletiň üstünligi kanuna boýun bolmakdyr

Eýranyň täze prezidenti, geljekki döwletiň üstünligini ulgamyň umumy syýasatlaryna boýun bolmak we ösüş meýilnamasynyň kanunlaryny durmuşa geçirmekde bildi.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýokary derejeli lideri, "Masud Pezeşkiany" Eýran halkynyň saýlawlarda ses bermegini üpjün edýän karar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti edip bellediler.

Prezidentiň maglumat bazasyna görä, Eýranyň täze prezidenti "Masud Pezeşkian" prezidentiň buýrugynyň ýerine ýetiriliş dabarasynda beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan Eýran sebitde ilkinji ykdysady, ylmy we tehnologiki orny eýeleýän ösen ýurt we yslam we rewolýusiýa şahsyýeti bilen, Yslam dünýäsinde ylham beriji we halkara gatnaşyklarynda konstruktiw we täsirli ýurtdyr diýdi.

Pezeşkian şeýle-de täze hökümetiň nukdaýnazaryndan Eýranyň medeni talaplara laýyklykda ösen ýurtdygyny, ahlak ýörelgelerine we yslam gymmatlyklaryna, kanuny azatlyklara we jemgyýetçilik adalatyna bil baglap, adam mertebesini we hukuklaryny gorap, sosial we kazyýet howpsuzlygyndan peýdalanýandygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ulgamyň wezipeli adamlar üçin döreden garaýşynyň, kanun ýörelgelerine esaslanýan we Ynkylabyň Ýokary lideri tarapyndan yglan edilen hukuk esaslarynda güýçli hökümet gurmakdygyny aýtmak bilen munyň diňe ýakynlyk we kanunylyk bilen mümkin boljakdygyny nygtady.

Pezeşkian ýurduň ösüşinde we öňe gitmeginde jemgyýet bilen dolandyryşyň arasyndaky jebisligiň täsiriň möhümdigini nygtamak bilen kanuna boýun egýän jemgyýetiň hökümetiň has güýçlenmegine sebäp bolýandygyny aýdyp, Täze döwlet, öňümizdäki krizisleri we kynçylyklary başdan geçirip, halkyň umytlaryny kanagatlandyrmaga synanyşar diýdi.