Pezeşkiýan: Eýran basybalyjy terrorçylary gorkaklarça hereketlerine ökündirer
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamasyň syýasy edarasynyň ýolbaşçysynyň janyna kast edilmegine jogap edip, Eýranyň basybalyjy terrorçylary gorkaklarça hereketlerine ökünjekdigini aýtdy.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň umumy jemgyýetçilik gatnaşyklary bir habarnamada Hamasyň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe we janpenalaryndan biri çarşenbe güni irden Tährandaky ýaşaýyş jaýyna edilen hüjümde şehit boldy diýip yglan etdi.
Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýäniň janyna kast edilmegini ýazgaryp Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkiýan X sosial ulgamynda Eýranyň we Palestiniň iki buýsançly döwletiniň arasyndaky gatnaşyk öňküsinden has güýçli bolar we ezilenlere garşylyk we goranmak ýoly öňküsinden has güýçli dowam etdiriler diiýp ýazdy.