Ynkylabyň ýokary lideri: Sionist režimi agyr jeza üçin şert döretdi
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri Hamasyň syýasy edarasynyň başlygynyň terror edilmeginden soň Sionist režimi agyr jeza üçin şert döretdi diýip nygtadylar.
Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýäniň şehit bolmagyndan soň, Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy Aýatolla Hameneý çarşenbe güni eden ýüzlenmesinde Jenaýatçy we terrorçy Sionist režimi mähriban myhmanymyzy şehit etdi we bizi matama uçratdy, ýöne özi üçinem agyr jeza şert döretdi diýip beýan etdiler.
Ol Hudaýyň ýolunda şehit bolmakdan we Taňrynyň bendelerini halas etmekden gorkmady, ýöne Yslam respublikasynyň çäginde bolup geçen bu ajy we kyn wakada ganyny soramaklygy öz borjumyz hasaplaýarys diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri yglan etdiler.