Eýran Respublikasynyň prezidenti: Sionist režimi terrorçylyk hereketiniň netijelerini ýakyn wagtda görer
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şehit "Ysmaýyl Haniýe"niň öldürilmegini Sionist regžiminiň syýasatynyň petiklenmeginiň alamaty hasaplady we sionist režimiň ýakyn wagtda terrorçylyk hereketiniň netijelerini görjekdigini aýtdy.
Hamasyň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe we janpenalaryndan biri çarşenbe güni irden (31-nji iýul) Tähranda ýaşaýyş jaýy urlanda şehit boldylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian düýn, çarşenbe güni, Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýehiň şehit bolmagynyň habary yglan edilen ilkinji sagatlarda "X" sosial ulgamynda hat ýazyp, Eýran Yslam Respublikasy territorial bitewiligini, abraýyny gorar we terrorçy basybalyjylary gorkak hereketleri üçin ökündirer diýdi.
Pezeşkian şeýle-de Gaza zolagynda sionist režimi tarapyndan aýlarça öldürmeler, jenaýatlar we weýrançylyklar barada aýdyp, bu terrorçylyk hereketiniň, sionist režimi tarapyndan edilen beýleki jenaýatlar ýaly halkara kanunlaryny we düzgünlerini bozandygyny aýtdy we bu, dünýäniň, esasanam yslam ýurtlarynyň bu jenaýatçy we basyp alyjy režime garşy göreşmek üçin bitewi hereketleriniň zerurdygyny görkezýär diýip nygtady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň territorial bitewiligini, milli özygtyýarlylygyny we abraýyny gorap biljekdigini aýtmak bilen Sionist režimi bolsa gorkak we terrorçylykly hereketleriniň netijelerini ýakyn wagtda görer diýdi.