Sepah Pasdaranyň Ysmaýyl Haniýehiň şehit bolmagy baradaky 3-nji bildirişi
(last modified Sat, 03 Aug 2024 12:20:03 GMT )
Aug 03, 2024 17:20 Asia/Ashgabat
  • Sepah Pasdaranyň Ysmaýyl Haniýehiň şehit bolmagy baradaky 3-nji bildirişi

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusy öz habarnamasynda Şehit Ysmaýyl Haniýehiň terror edilmeginiň jikme-jikliklerini düşündirdi.

Şenbe güni Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdarany, Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy bölüminiň başlygy Ysmaýyl Haniýehiň şehit bolmagyna sebäp bolan sionist režiminiň terrorçylykly hereketi barada bir bildiriş ýaýradyp bu hereket, sionist režimi tarapyndan işlenip düzüldi we Amerikanyň jenaýatçy hökümeti tarapyndan goldanyldy diýip yglan etdi.

Bu bildirişiň dowamynda derňewlere we gözleglere görä, bu terrorçylyk operasiýasy, ýaşaýyş myhmanlaryň meýdanynyň daşyndan 7 kg agyrlykdaky kellesi bilen gysga aralyga ok atmak we güýçli partlama bilen amala aşyryldy diýip getirilýär.

Yslam Ynkylabynyň Sepah Pasdarany bu bildirişde şeýle-de şehit Ysmaýyl Haniýehiň ganynyň aryny almak kesgitli we başdan geçirýän we terrorçy Sionist režimi, degişli wagtda, ýerde we hilde "agyr jeza" bolan bu jenaýatyň jogabyny hökman alar diýip nygtady.

Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýe we janpenalarynyň biri çarşenbe güni irden (31-nji iýul) Tährandaky ýaşaýyş jaýyna hüjüm edilende şehit boldylar.

Tags