Aug 05, 2024 12:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Sionist režimiň jenaýatlaryny goldaýan Ýewropa we Amerika ýurtlaryny tankyt etmegi

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Günbatar ýurtlarynyň sionist režimiň jenaýatlaryny goldamakdaky goldaw çemeleşmesini berk tankytlady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ali Bageri Kani Iordaniýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Aýman Safadi bilen bolan duşuşygynda Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy ýolbaşçysy Ysmaýyl Haniýehiň Tähranda ýerleşýän jaýynda öldürilmegini hukuklaryň we halkara däp-dessurlarynyň hemmesine garşy hereketdi, sebitleýin we halkara howpsuzlygy we durnuklylygy bozmak şeýle hem, Eýranyň territorial bitewiligini we milli özygtyýarlylygyny bozmakdy bu bolsa jenaýata aýgytly jogap bermegiň zerurlygyny hasam artdyrýandyr diýip beýan etdi.

Bageri Kani şeýle-de sionist režimiň dünýäniň beýleki ýurtlarynda palestinaly garşylyk liderleriniň  janyna kast etmekde uzak taryhyna yşarat edip, Ysraýyl režimi howpsuzlyk wagşylygynyň agyr çykdajylaryň bardygyna düşünmek üçin berk we mäkäm jogap almalydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy we musulman ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde prinsipial çemeleşmesine ünsi çekmek bilen ýöne Yslam dünýäsiniň duşmanlarynyň muny islemeýändigini  we tapawudy agyzalalyklara öwürmekm ugurda tagalla edýändigini aýtdy.

Iordaniýanyň Daşary işler ministri Tährana eden saparyndan hoşaldygyny aýtdy we Iordaniýa korolynyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýändigini aýtmak bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar köne we doganlykdyr we Iordaniýa Eýran bilen gowy we doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak isleýär diýdi.

Iordaniýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri öz ýurdunyň Palestina meselesi boýunça prinsipial pozisiýasyny we genosid Ysraýyl režimini ýazgarmak we palestina halkynyň hukuklaryna ýetmek üçin ähli güýjini ulanmak barada düşündiriş berdi.

Tags