Eýranyň wekili: Eýran bilen Amerikanyň arasynda elmydama habarlaşyk kanallary bardy
(last modified Sat, 10 Aug 2024 04:41:28 GMT )
Aug 10, 2024 09:41 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň wekili: Eýran bilen Amerikanyň arasynda elmydama habarlaşyk kanallary bardy

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili, Eýranyň öz-özüni goramak hukugynyň Gazanyň atyşygyny bes etmek bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny mälim etdi we şeýle diýdi: "Eýran bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň habar alyşmagy üçin elmydama göni we araçy resmi kanallar bar , ýöne taraplaryň ileri tutýan zady, jikme-jiklikleriň aýdylmazlygydyr ".

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Amir Said Irwani, Eýranyň Ysraýyl režimine berjek jogaby indiki hepde atyşyk baradaky gepleşiklere çenli yza süýşürip-bolarmy diýlen soraga jogap edip: "Gazada dowamly ýaraşyk döretmek Eýran Yslam Respublikasynyň ileri tutulýan ugry we "Hamasyň kabul eden islendik şertnamasy Eýran tarapyndan kabul ediler" diýip yglan etdi.

Irwani sözüniň dowamynda "Ysraýyl režimiň soňky terrorçylyk hereketinde Eýranyň milli howpsuzlygy we özygtyýarlylygy bozuldy,oňa görä kanuny taýdan goranmaga hukugymyz bar we bu Gazanyň atyşygy bilen hiç hili baglanyşygy ýok; Emma, ​​Eýran Yslam Respublikasynyň jogabynyň öz wagtynda we mümkin boldugyndan ähtimallaýyn ýaraşyga zyýan ýetirmez diýip nygtady. "

Tags