Aug 11, 2024 12:45 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Halkara guramalar sionistleriň adamzada garşy eden jenaýatlarynyň gaýtalanmagynyň öňüni almalydyrlar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Sionist režimiň Gazadaky palestinaly bosgunlar mekdebine eden rehimsiz hüjümini ýazgardy we halkara forumlary, esasanam Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini we Yslam ýurtlaryny şeýle adamzada garşy jenaýatlaryň gaýtalanmazlygy üçin çäre görmeklige çagyrdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti "Masud Pezeşkian", bu betbagtçylykda şehit bolanlaryň we ýaraly bolanlaryň maşgalalaryna duýgudaşlyk bildirdi we Palestinanyň çydamly halkyna, garşylyk frontunyň serkerdelerine we söweşijilerine we bu şehitleriň abraýly maşgalalaryna gynanç bildirmek bilen Sionist režimi bu genosidleri diňe adam hukuklaryny talap edýän hökümetleriň goldawynyň kölegesinde edýändigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda, bir tarapdan parahatçylyk we ýaraşyk ylalaşygy barada gepleşikler geçirmegi talap edýän hökümetler we guramalar, beýleki tarapdan bu rehimsiz režimi goldamak üçin hiç hili çäkleri hasaplamaýarlar; olar bu ajy wakalaryň hemmesinde çaga öldüriji režimniň şärikleridirler diýdi.

Pezeşkian şeýle-de şular ýaly jenaýatlaryň gaýtalanmagynyň, şübhesiz, Sionist režiminiň ýolbaşçylarynyň Gazanyň çydamly halkynyň garşylygyna, şeýle hem içerki krizisleriň we netijesizligiň üstüni ýapmak duýgusynyň netijesidigini aýtdy.

Şenbe güni genosid Ysraýyl režiminiň goşuny Gaza şäheriniň "Al-Darj" etrapçasyndaky "Al-Tabein" mekdebinde ertir namazy wagtynda palestinaly ybadatçylary bombalady, şol döwürde azyndan 100 palestinaly şehit boldy we köp adam ýaralandy .