Pezeşkiýan: Amerikanyň goşa standartlarynyň ulanylmagy sionist režimiň ulumsylygyna sebäp boldy
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ABŞ we käbir Günbatar ýurtlary tarapyndan goşa standartlaryň ulanylmagy sionist režimi Gaza zolagynda we sebit ýurtlarynda terror we aýylganç jenaýatlar etmekde has ulumsy etdi diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkiýan, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde dünýäde köptaraplaýyn güýç düzgüniniň ýörgünleşmegine üçsi çekip Amerikanyň Eýran Yslam Respublikasy ýaly ýurtlara basyş etmek we olary ähli hukuklaryndan we bähbitlerinden mahrum etmek syýasatlaryny we hereketlerini Amerikanyň täze dünýä tertibiniň döredilmeginiň öňüni almak synanyşygy we durnuklylygy we parahatçylygy berkarar etmek dogrusynda päsgelçilik hasaplady.
Pezeşkiýan Şeýle hem, Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň ýadro şertnamasy baradaky gepleşikleri dowam etdirmek isleginiň jogabynda, ynamyň we özara bähbitleriň üpjün edilmegini ylalaşygyň esasy hasaplady.
Çarlz Mişel, Eýran bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda özara bähbitleri üpjün etmek we olaryň arasyndaky has giň täsirleşmekdäki päsgelçilikleri aýyrmak esasynda täsirli özara gatnaşyklaryň başlamagyna umyt bildirip, Ýewropa ýurtlarynyň Eýran bilen gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak islegine ünsi çekdi.