Aug 13, 2024 13:19 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Günbatar ýurtlarynyň Ysraýyla berýän goldawy sebitiň we dünýäniň howpsuzlygyna howp saldy

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Sionist režimiň görlüp-eşidilmedik we adamzada garşy jenaýatlary barada halkara jemgyýetçiliginiň dymmagy we käbir günbatar ýurtlarynyň bu režime goldaw bermegi halkara usullara ters gelýän hereketdir we jenaýatyň dowam etdirilmegine we sebitde we dünýäde parahatçylyga we howpsuzlyga abanýan howplaryň dowam etmegine itergi berýär diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti "Masud Pezeşkian" duşenbe güni agşam Iňlisiň premýer-ministri "Keir Starmer" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde halkara jemgyýetçiliginiň sionist regžimiň Gaza zolagynda eden görlüp-eşidilmedik we adama garşy jenaýatlary barada dymýandygyny we bu režimiň sebitdäki terrorçylykly hereketlerini, şeýle hem käbir günbatar ýurtlarynyň bu režime goldawyny halkara usullaryna ters gelýän we jogapkärçiliksiz hereket hasaplamak bilen bu hereket Sionist režimi jenaýatlaryny dowam etdirmäge höweslendirmek bilen sebitiň we dünýäniň asudalygyna we howpsuzlygyna howp salandyr diýip beýan etdi.

Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň nukdaýnazaryndan söweşiň hiç bir ýurduň bähbidine däldigini aýdyp, elgatyja garşy jeza çäresini ýurtlaryň kanuny hukugy we jenaýatçylygy we agressiýany bes etmegiň çözgüdi hökmünde kabul etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň gowulaşmagyny we ýadro gepleşikleriniň başlanmagyny garşy aldy we taraplaryň ähli borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini bu gepleşikleriň üstünlikli bolmagy üçin şert hasaplady.

Iňlisiň premýer-ministri Keir Starmer Gazadaky söweşiň gutarmagyny we bu sebitiň halkyna tiz kömek berilmegini nygtamak bilen, bu meselede Eýrandan has köp kömek isledi.

Iňlisiň premýer-ministri ýurduň täze döwürde Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny mälim etmek bilen, iki ýurduň täze ilçileriniň öz wezipelerine gysga wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi.

Tags