Pezeşkian: Parahatçylyk, duýgudaşlyk we jebislik bilen üstünlige ýetip boljakdyr
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşikian umumy syýasatlar, maksatnama kanunlary we ýurduň gözýetimleri nukdaýnazaryndan umumy bir dile we düşünjä ýetmelidigimizi aýtmak bilen barlyşygy, duýgudaşlygy we jebisligi üstünligiň ýoly bildi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, döwlet tarapyndan teklip edilýän ministrleri goramak üçin Masud Pezeşikian şu gün Yslam Şura Mejisiň açyk ýygnagynda, Taryhyň bu döwründe bize iň zerur zat içerki jebislik we agzybirlikdir diýip beýan etdi.
Pezeşkian şeýle-de eger agzybirligimiz we jebisligimiz bar bolsa we hünärmenleri we elitany akymlara getirsek, ýoldan aýryp bilmejek problemamyz bolmaz. Öň söweş frontlarda edişimiz ýaly diýip yglan etdi.
Eýran Respublikasynyň Prezidenti sözüni dowamynda kanuny, umumy syýasatlary we gözýetimleri doly durmuşa geçirmek üçin ministrlige dalaşgär hökmünde hödürlän ähli eziz adamlar bilen bilelikde kasam ederis diýdi.
Pezeşkian şeýle hem düşünmek, meniň üçin ideal wariantdan has möhümdigini aýdyp, men agzybirlik üçin çyn ýüregim bilen geldim diýdi.