Eýranyň Daşary işler ministri: Ähli ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek Eýran döwletiniň syýasatydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25508-eýranyň_daşary_işler_ministri_Ähli_ýurtlar_bilen_gatnaşyklary_giňeltmek_eýran_döwletiniň_syýasatydyr
Eýranyň daşary işler ministri, Eýranyň 14-nji hökümetiniň syýasatynyň dünýäniň ähli ýurtlary, esasanam Gündogar Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmekdigini aýtdy.
(last modified 2024-08-29T08:52:53+00:00 )
Aug 29, 2024 13:52 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Ähli ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek Eýran döwletiniň syýasatydyr

Eýranyň daşary işler ministri, Eýranyň 14-nji hökümetiniň syýasatynyň dünýäniň ähli ýurtlary, esasanam Gündogar Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmekdigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýooko Kamiýakawa bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy.

Aragçi, şeýle hem sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlaryna we Palestindäki häzirki meselelere möhüm halkara kynçylyklarynyň biri hökmünde yşarat edip, bu režimiň prowokatiw hereketleri şol sanda Tähranda Hamas hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy şehit "Ysmaýyl Haniýe"ni terror etmegi we Sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň urşy giňeltmek baradaky şahsy çemeleşmesi sebitdäki dartgynlygyň güýçlenmeginiň esasy sebäbidir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Yslam respublikasynyň sionist režimden tapawutlylykda sebitdäki dartgynlygy we konfliktleri giňeltmek islemeýändigini birnäçe gezek mälim etdi diýdi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýooko Kamiýakawa Aragçini Eýranyň daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady we öz ýurdunyň Tokio bilen Tähranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri şeýle hem Tährandaky Hamas hereketiniň syýasy gullugynyň başlygy Ysmaýyl Haniýeh terror bolmagyndan soň Günbatar Aziýa sebitindäki häzirki ýagdaý barada alada bildirdi we ýagdaýy köşeşdirmäge ünsi çekdi we Ysraýylyň Gaza zolagyna edýän hüjümlerini duruzmak isledi.