mertebesi belent ýolbaşçy: biz bir uly uruş meýdanyň içinde durandyrys
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Eýran Yslam respublikasynyň garşysyndaky toplumyň uly we çylşyrymly urşyna yşarat edip biz bir uly uruş meýdanyň içinde durandyrys, onuň bir tarapynda Eýran Yslam Respblikasy we ol bir tarapynda giň gerimde kuwwatly duşmanlar durandyrlar diýdiler.
şu gün Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri Eýranyň aňtaw ministrniň we bu ministrligiň jogapkärleriniň we işgärleriniň bir toparynyň duşuşygynda beren gürrüňleride duşmanlaryň içalylyk gulluklaryny ýaňky urşyň asly ebäpkäri hasaplap garşydaky toplumyň aňtaw gulluklary bar mümkinçiliklerine garamazdan şu wagta çenli ellerinden möhüm iş gelen däldir diýip beýan etdiler.
emma egerde bu uruşda gapyllyga uçrasak ýeňiljekdiris we egerde sadalyk etsek urga sezewar boljakdyrys diýip Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüne goşdylar.
Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi Hezretleri sözüniň dowamynda aňtaw urşynyň çylşyrymly taraplaryna yşarat edip bu urşda dürli şiweler şol sanda aralaşyp maglumat ugurlamak we tutum tutyjylaryň öçeglerini üýtgetmek, ilatyň ynanjyny üýtgetmek maliýe we ykdysady baş bozarlylar hemde howpsuzlyk perişanlyklar ýaly şiwelerden peýdalanylýandyr diýip beýan etdiler.