Sep 05, 2024 10:34 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ilçisi: Amerika we onuň ýaranlary Günbatar ýaraglaryny ibermek bilen Ukrainadaky söweşi uzaltdylar

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we onuň ýaranlarynyň günbatar we ösen ýarag ibermegiň Ukrainadaky söweşi uzaldyp, asuda ilata we raýat infrastrukturasyna zyýan ýetirendigini inkär edip bolmajak hakykaty gizläp bilmejekdigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani" Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary we Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy "Antonio Guterres" -e ýazan hatynda ABŞ-nyň, Angliýanyň we Fransiýanyň Tähranyň Ukraina konfliktindäki roly babatynda "esassyz we ýalňyş" aýyplamalarnyň ret edip Eýranyň Russiýa ýarag satmak, eksport etmek ýa-da geçirmek we halkara borçnamalaryny bozmak bilen baglanyşyklydygy baradaky aýdylanlar düýbünden esassyz we düýbünden ret edilýär diýip yglan etdi.

Tags