Sep 06, 2024 17:17 Asia/Ashgabat
  • Tähranyň juma namazynyň hatyby: Sionist režimi heläkçilige tarap barýar

Tähranyň juma namazynyň wagtlaýyn ymamy Sionist režimiň jenaýatlaryna garşy Palestinanyň mazlum halkyny goldaýan dünýäde geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýalara salgylanyp, Sionist režimi heläkçilige tarap barýar diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Aýatolla Seýid Ahmad Hatami şu gün Tähranyň juma namazynda eden çykyşynda Gazada 40,000-den gowrak çaganyň, aýalyň we bigünä adamyň genosid sionist režimi tarapyndan öldürilmegine yşarat edip, bütin dünýäde adamlaryň sionist jelldlaryna garşy görkezen demonstrasiýalary, olaryň aşak eňňitdedigini görkezýär we bu režimiň ýok ediljekdigine söz berýär diýip beýan etdi.

Tähranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Sionist režmiň dünýä ýüzünden ýitip gitmelidigini aýtmak bilen Gazada amala aşyrylýan jenaýatlar sionist režimiň ganhor, parahor we jenaýatçy bolandygyny görkezýär, we ölüm we ýok bolmak bu režimiň hukugydyr diýdi.

Palestinayň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, sionistleriň Gaza zolagyna hüjümleri dowam edýär, we 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri bu sebitde şehit bolanlaryň sany 40,861 adama, ýaralananlaryň sany 94,398 adama ýetdi.

Tags