Sep 16, 2024 14:48 Asia/Ashgabat
  • Agzybirlik we birleşik hepdesi we Yslam pygamberiniň (saw) doglan güni gutly bolsun

Şu gün (Duşenbe) 1446-njy ýylyň Rabi al-Awwal aýynyň 12-nji güni, 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabryna gabat gelýär, däp boýunça, Yslamyň söýgüli pygamberi (saw) Hezreti Muhammet Mustafanyň (saw) doglan gününiň ýyllygy we Eýranda birleşik we Agzybirlik hepdeliginiň başlangyjy.

Sünnüler Rabi al-Awwalyň 12-sini, şaýylar bolsa şu aýyň 17-sini Yslam pygamberiniň (saw) doglan güni hasaplaýarlar.

Yslam dünýäsinde agzybirli wagyz edýänlerden biri bolan Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjy Hezreti Ymam Homini (RA) bu meseläni yslam toparlaryny birleşdirmek we ýakynlaşdyrmak üçin ulandy we bu iki senäniň arasyndaky aralygyny birleşik we agzybirlik hepdesi diýip atlandyrdylar.

Bu hepde, esasanam pitne we bulam-bujarlykdan doly musulman dünýäsiniň birleşiginiň we agzybirliginiň zerurlygyny has içgin öwrenmek üçin amatly pursat.