Eýranyň prezidenti: Musulmanlaryň agzybirligi we jebisligi güýçlerini artdyrýar
Eýranyň prezidenti, duşmanyň musulmanlaryň arasynda bölünişik we düşünişmezlik döredýändigini belläp, agzybirligiň we jebisligiň musulmanlaryň güýjüni ýokarlandyrýandygyny aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti "Masud Pezeşkian" Tähranda dürli yslam ýurtlarynyň akyldarlarynyň we alymlarynyň gatnaşmagynda başlanan 38-nji Halkara Yslam Agzybirligi konferensiýa eden çykyşynda, musulmanlaryň hemmesi birleşmelidirler, sebäbi musulmanlaryň agzybirligi we jebisligi duşmanlara garşy durmakda güýçlerini artdyryp biler diýdi.
Eýranyň prezidenti şeýle-de, Hudaýyň kitabynyň gozgalaňy we düşünişmezligi gadagan edýändigini aýtmak bilen Tapawut we agzalalyk ylahy ýüpi tutmazlygy aňladýar diýip açklady.
Pezeşkian Sionist režimi tarapyndan Gaza zolagyna rehimsiz çozuş barada gürrüň gozgap, 2 ýa-da 3 million ysraýylly musulmanlary ýok edýärler, aýallary we çagalary, garrylary we ýaşlary, hassalary öldürýärler, hassahanany we metjidi bombalaýarlar, sebäbi musulmanlar birleşmeýär we Ysraýyl bu jenaýatlary etmäge het edip bilýär diýdi.
Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy şeýle-de Ysraýylyň jenaýat edýändigini, sebäbi musulmanlaryň umumy dünýägaraýşynyň we diliniň ýoklugy we yslam agzybirligi ýoklygy we ýönekeý zatlar üçin jedelleşýändiklerini aýtdy.
Milli we harby şahsyýetlerden şeýle hem Yslam ýurtlarynyň elitalary we akyldarlaryndan 2500 myhmanyň gatnaşmagynda "Palestina meselesine ünsi jemläp umumy gymmatlyklara ýetmek üçin yslam hyzmatdaşlygy" mowzugy bilen 38-nji Halkara Yslam Agzybirligi konferensiýasy Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Massud Pezeşkian" -yň gatnaşmagy bilen işe başlady.
Sünnüler Rabi al-Awwalyň 12-sini we Şaýlar şu aýyň 17-sini Yslam pygamberiniň (saw) doglan güni diýip hasaplaýarlar.
Yslam dünýäsinde agzybirligiň habarçylaryndan biri bolan Eýran Yslam Respublikasyny esaslandyryjy Hezreti Ymam Homini (RA) bu meseläni yslam toparlaryny birleşdirmek we ýakynlaşdyrmak üçin ulandy we bu iki senäniň (12-17 Rabi al-Awwal) arasyndaky aralyk "Agzybirlik hepdeligi" diýip atlandyrdylar.
Bu hepde, esasanam pitne we bulam-bujarlykdan doly bolan zamanynda, musulman dünýäsiniň agzybirliginiň we jebisliginiň zerurlygyny has içgin öwrenmek üçin amatly pursatdyr.