Sionist režimi goldaýanlara Eýranyň duýduryşy; Liwana edilýän hüjümleriň jogapkärçiligi Amerikanyň üstünedir
Eýranyň Daşary işler ministri sebitde giň gerimli söweşiň bolmagyna duýduryş berdi we Amerika we Sionist režimiň beýleki dostlary bu režimiň hüjümlerini duruzmasa, netijeleri üçin jogapkärçiligi kabul etmelidigini aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Nýu-Yorkorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Italiýanyň Daşary işler ministri Antonio Taiani bilen duşuşanda Sionist režimiň umytsyzlygyny we Gaza zolagynda bir ýyl töweregi rehimsiz öldürilmegine garamazdan, haýsydyr bir maksadyna ýetip bilmejekdigine yşarat edip, Genosid Ysraýyl regžimine umytsyzlykdan halas bolmak üçin urşy tutuş sebite ýaýratmaga ýol berilmeli däldir diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Italiýanyň we käbir beýleki ýurtlaryň Liwanda haýal etmän ot açyşlygy bes etmek baradaky islegine yşarat edip, Sionist režimi goldaýanlar bu režimi ýüzlerçe adamyň, şol sanda onlarça çaganyň şehit bolmagyna sebäp bolan wagşyçylykly hüjümlerini duruzmaga mejbur etmelidirler diýdi.
Italiýanyň Daşary işler ministri hem Liwanyň günortasyndaky ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyna salgylanyp urşuň öňüni almak we atyşygy bes etmek üçin diplomatik tagallalara ünsi çekdi.
Nesil gyryjy Ysraýyl režiminiň goşuny düýnden (duşenbe) bäri Liwanyň günortasyndaky dürli sebitlere giň gerimli hüjümlere başlady we Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan çap edilen soňky statistikalara görä 558 adam şehit boldy we 1835 adam ýaralandy.