Eýranyň prezidenti: Yslam ýurtlary Ysraýyl bilen ykdysady gatnaşyklary kesmeli
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam ýurtlary Ysraýylyň genosid režimi bilen ykdysady gatnaşyklary kesseler, çagalary öldürýän bu režimiň mundan beýläk jenaýat edip bilmejekdigini we agressiýa hereketlerini edip bilmejekdigini aýtdy.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian, Nýu-Yorkorka saparynyň soňky gününiň meýilnamalaryna laýyklykda ýerli wagt bilen çarşenbe güni Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikati bilen duşuşanda Sionist regžimi, Amerikanyň goldawy astynda adamzada garşy eden jenaýatlary bilen adam hukuklaryndan we halkara kanunlaryndan we düzgünlerinden hiç zat galdyrmady diýip mälim etdi.
Eýranyň Prezidenti, sebitde jenaýat etmegi üçin ABŞ-nyň Sionist režimine berýän syýasy, maliýe we ýarag goldawyny berk tankytlady we ABŞ-nyň goldawy bolmadyk bolsa, bu režimiň şeýle jenaýatçylykly hereketleri amala aşyrmak üçin güýji we batyrlygy bolmazdy diýdi.
Pezeşkin Yslam ýurtlarynyň Liwanyň we Gazanyň mazlum halkyna goldaw bermek we sebitdäki bu jenaýatlaryň öňüni almaga synanyşmakdaky borçlaryny we jogapkärçiligini ýatlap, Pakistany we Türkiýäni öz içine alýan yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Fransiýa ýaly käbir Ýewropa ýurtlary bilen bu režimi Liwana we Gaza garşy agressiýasyny duruzmaga mejbur etmek üçin edýän tagallalaryna we geňeşmelerine salgylanyp Eýranyň Liwana islendik kömege taýýardygyny aýtdy.
Liwanyň premýer-ministri Nejip Mikani hem sionist režimiň soňky hüjümlerinden soň Liwan halkynyň iň kyn şertlerine salgylanyp häzirki wagtda Gazada we Liwanda bolup geçýän wakalaryň adamkärçilikli däldigini we ähli halkara ülňülerine garşydygyny aýtmak bilen bigünä we ýönekeý adamlary öldürmek üçin raýat gurallaryny ulanmak diňe sionist režiminden gelýän jenaýatdyr diýdi.
Liwanyň premýer-ministri Yslam respublikasynyň diňe şu gün däl, eýsem onlarça ýyl bäri Liwan tarapyndan durandygyny aýtmak bilen, Sebitdäki söweşleriň geriminiň giňelmeginiň öňüni almak üçin beýleki yslam ýurtlarynyň has uly rol oýnamagyny isledi.