Sep 28, 2024 12:11 Asia/Ashgabat

Tähran raýatlarynyň bir topary Liwanda galp Ysraýyl režimiň jenaýatlaryny ýazgardylar.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä; Tähran raýatlary Palestina meýdanyna ýygnananlarynda, Sionist režimiň Liwanyň paýtagty we Beýrutyň etegindäki Dahiýa hüjümde eden jenaýatlaryny berk ýazgardylar.

Bu habara görä, anna güni gije sagat 24: 00-da Tähranyň Palestina meýdanynda geçirilen ýygnakda nägile adamlara we talyplara çykyş edip, Sionist režiminiň bu wagşy we terrorçylykly hereketini ýazgardylar we Liwan halkyna duýgudaşlyk bildirildi.

Şeýle hem, bu ýörişde Eýran Yslam Respublikasynyň, Hizbullanyň we Palestiniň baýdaklaryny göterýän demonstrantlar, Sionist režimiň Liwanyň Dahiýa sebitine eden jenaýaty üçin ar almagyny islediler.

Anna güni agşam we şenbe güni irden Ysraýylyň söweş uçarlary Liwanyň paýtagty Beýrutyň günortasynda ýerleşýän Dahiýany on ikinji gezek bombalady. Şeýle hem, sionist režimiň söweşijileri soňky hüjümlerinde Beýrutyň etegindäki "Al-Lilki" sebitini nyşana aldylar.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä, Ysraýyl jenaýatçy goşunynyň Liwana edilen köpçülikleýin hüjümleri netijesinde 700-den gowrak adam şehit boldy we azyndan 2600 adam ýaralandy.

Tags