Larijani Sri Lankanyň parlament başlygy bilen duşuşdy
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Sri Lankanyň paýtagty Kolombo-da bu ýurduň parlament başlygy Karu Jayasuriya bilen duşuşyp gürrüň etdi.
penşenbe güni Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani Sri Lankanyň paýtagty Kolombo-da bu ýurduň parlament başlygy Karu Jayasuriya bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň parlamenleriniň halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edýändirler diýmek bieln bu hyzmatdaşlyklar syýasy, medeni we parlament ugurlarynda ösüp barýandyr diýip nygtady.
Ali Larijani sözüniň dowamynda Eýran bilen Sri Lanka derman we lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde arkadaşlyk edip biljekdirler diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy öý gurluşyk enjamlaryny öndürmekde Sri Lankanyň gerekliklerini üpjün edip başarjakdyr diýip nygtap geçdi.
Eýranyň mejlisinde Sri Lanka bilen bendileri çalyşmak baradaky kanun hem tassyklandy diýip Larijani sözüne goşdy.
Sri Lankanyň parlament başlygy Karu Jayasuriya hem bu duşuşykda Eýran bilen Sri Lankanyň gatnaşyklaryny ösdürmäge gowy mümkinçiliklerden paýlydygyny aýdyp Kolombo döwleti Tehran bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ykjamdyr diýip yglan etdi.