Eýranyň prezidenti: Sionist režimiň jenaýatlary jogapsyz galmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Liwandaky Hizbullanyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollanyň şehit bolmagynda sionist režimiň aýylganç we gorkak jenaýatynyň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Massud Pezeşkian", Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary Beýik Mujahidiň "Seýd Hasan Nasrollahyň" şehit bolmagyna gynanç bildirdi we Zalym Sionist režgimeimi tarapyndan bolan bu jenaýaty berk ýazgarmak bilen şeýle jenaýat bu jenaýatçy režiminiň halkara ülňülerine we çarçuwalaryna asla ykrarly däldigini ýene bir gezek subut etdi diýdi.
Pezeşkian şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ýewropa ýurtlarynyň liderleriniň Eýranyň şehit bolan "Ysmaýyl Haniýeh" -iň öldürilmegine jogap bermezligi üçin atyşygy bes etmegi wada beren sözleriniň düýbünden ýalandygyny we şeýle jenaýatçylara mümkinçilik bermek olary has köp jenaýat etmäge höweslendirjekdigini aýtdylar.
Eýranyň Prezidenti, sebitdäki sionist režimiň wagşyçylyklarynyň öňünde arap we yslam ýurtlarynyň agyr jogapkärçiligini nygtamak bilen Yslam ýurtlary bu režimiň jenaýatçylygyna biperwaý garamaly däldirler, sebäbi häzirki wagtda dünýäde esasy jenaýatçy we söweşiň, howpyň we ganhorlugyň sebäbiniň kimdigi dünýäniň ähli halkyna subut bolandyr diýip yglan etdi.
Gaza zolagynda bir ýyl töweregi jenaýat we söweşden soň, sionist režimi 23-nji sentýabrdan bäri jenaýatlaryny Liwana çenli giňeltdi we soňky jenaýatynda (27-nji sentýabr) we Beýrutyň günortasynda ýerleşýän Dahiýany partlatandan soň, Hizbullanyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollany şehit etdi.