IRGC-nyň sionist režimine raketa hüjüminden soň Eýranyň dürli şäherleriniň ilatynyň şatlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25664-irgc_nyň_sionist_režimine_raketa_hüjüminden_soň_eýranyň_dürli_şäherleriniň_ilatynyň_şatlygy
Eýranyň dürli şäherleriniň ýaşaýjylary, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň sionist režiminiň soňky jenaýatlaryna raketa jogaplaryndan soň begenmek üçin köçelere çykdylar.
(last modified 2024-10-02T04:42:52+00:00 )
Oct 02, 2024 09:42 Asia/Ashgabat
  • IRGC-nyň sionist režimine raketa hüjüminden soň Eýranyň dürli şäherleriniň ilatynyň şatlygy

Eýranyň dürli şäherleriniň ýaşaýjylary, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň sionist režiminiň soňky jenaýatlaryna raketa jogaplaryndan soň begenmek üçin köçelere çykdylar.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň dürli şäherleriniň ýaşaýjylary sişenbe güni agşam köçelere çykdylar we Hamasyň syýasy edarasynyň başlygy Ysmaýyl Haniýehiň, Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary Seýid Hasan Nasrallahyň  we IRGC operasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Abbas Nilfroşanyň şehit bolmagyna jogap hökmünde Sionist režime garşy raketa operasiýasyny goldaýandyklaryny yglan etmek bilen, "Ysraýyla ölüm", "Amerika ölüm" we "Eý erkin lider, biz taýyn" şygarlary aýtdylar.

Bu ýygnaklarda Eýranyň halky Eýranyň, Liwandaky Hizbullanyň we Palestiniň baýdaklaryny göterdiler.

Eýranyň, çydam toparlaryň liderleriniň terror edilmeginden soň bolup geçen sionist režimiň harby nyşanalaryna kanuny raketa hüjümi, diňe bir Eýranda däl-de eýsem Günbatar Aziýanyň ilatynyň arasynda şatlyk we umyt tolkuny getirdi.