Tehraniň juma namazynyň hutbalary
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Amerikanyň Siriýa eden hüjümini bütin halkara kanunlaryň tersine bilip Amerika bu işi bilen özüniň wagşyçylykly durkyny dünvä ilatyna görkezdi diýdi.
Hojjatol yslam Kazem Seddigi Tehraniň şu hepdeki juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde Amerikalylaryň we dünýäniň agalyk ediji düzgünleriniň diňe zor dilini düşünýändyklaryny aýdyp Amerika sebitde terrorçy we tekfiri toparyň döredilmeginiň garşysynda çydam toparyň gazanýan üstünliklerinden gazaba çykandyr.Siriýa edilen raketa hüjümleriň olara hiç bir netijesi bolan däldir şeýle halda Amerikalylar şu wagta çenli sebitdäki bütin maksatlarynda ýeňilendirler diýip sözlerine goşdy.
Tehraniň wagtlaýyn juma ymamy Hojjatol yslam Kazem Seddig Amerikanyň prezidentiniň bu ýurduň ilçihanasyny Tel Awiwden Beýtolmukaddese geçirmek ugurdaky öjükdiriji işini ýazgaryp bu iş bilen bütin Palestinalylar aýaga galdylar, bu mesele bolsa Palestina milletiniň gudratynyň alamatydyr diýip nygtap geçdiler.