serdar Salami: Eýranyň Sepah Pasdarany yslam ymmatynyň galasy boldy
Eýranyň yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň başserkerdesiniň oruntutary Eýranyň Sepah Pasdaran güýçleri jihad ýolynda gadam artmaklarynyň şol deslapky gününden yslam ymmata ýetişäýjek belalaryň öňünde durdylar diýdi.
Serdar Hoseýin Salami Tehraniň juma namazynyň hutbalaryndan öňürti beren gürrüňlerinde Ymam Huseýin(a.s)iň doglan gününiň ýyllygyny we Pasdar gününi gutlap Ymam Huseýi(a.s)iň galkynyşy musulmanlaryň gutulyp bagtyýar bolmak ýollarynyň jihad ýolyndan geçýändigini we zalymlara garşy göreşilmeginiň hiç bir serhediniň ýokdygyny hemmelere sapak berdi diýdi.
Eýran howplaryň garşysynda mazlumlara arka bolmakdan el çekjek däldir şeýle ýagdaýda duşmanlar Eýranyň ýaragdan boşamagy ugurda edýän arzuwlaryny özleri bilen göre äkitjekdirler diýip Eýranyň yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň başserkerdesiniň oruntutary nygtap geçdi.