Eýranyň prezidentiniň, Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge berýän ünsi
(last modified Thu, 10 Oct 2024 16:20:56 GMT )
Oct 10, 2024 21:20 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidentiniň, Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge berýän ünsi

Eýranyň prezidenti, Eýranyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň giňelmeginiň ösüşinde Demirgazyk-Günorta koridorynyň täsirli bolandygyny aýtdy.

Penşenbe güni agşam (10-njy oktýabr) Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian Türkmenistanyň prezidenti Serdar Bardimohamedowyň çakylygy boýunça 2 günlük saparda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine ugrady.

Eýranyň prezidenti, beýik türkmen şahyry "Magtymguly Pyragynyň" 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek "Döwrüň we siwilizasiýalaryň özara baglanyşygy - parahatçylygyň we ösüşiň esasy" atly halkara konferensiýa gatnaşyp çykyş etmekçidir.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Masud Pezeşkian" Aşgabat şäherine gitmezden ozal Eýranyň 14-nji hökümetiniň ileri tutýan zady goňşulary bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdygyny aýtmak bilen Türkmenistana eden sapary wagtynda türkmen resmileri bilen ykdysady meseleler, nebit we gaz maýa goýumlary barada pikir alyşjakdygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti, şeýle hem, eýranly türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň türkmen medeniýetiniň döremeginde we ösmeginde möhüm rol oýnandygyny aýtdy.

Bu habara görä, Eýranyň prezidenti "Döwrüň we siwilizasiýalaryň özara baglanyşygy - Parahatçylygyň we ösüşiň esaslary" atly halkara konferensiýanyň çäginde Russiýanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri bilen duşuşyp gürleşmekçidir.