Prezident: Häzirki wagtda dünýäde parahatçylyk we doganlyk gerek
(last modified Sat, 12 Oct 2024 08:51:15 GMT )
Oct 12, 2024 13:51 Asia/Ashgabat
  • Prezident: Häzirki wagtda dünýäde parahatçylyk we doganlyk gerek

Eýranyň prezident häzirki wagtda dünýäde parahatçylyga we doganlyga mätäçligimizi aýtmak bilen Sebitde söýgi we doganlyk bilen ýaşamaly we olaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmeli diýip nygtady.

IRNA-nyň habaryna görä, prezident Masud Pezeşkian, Türkmenistana saparynyň dowamynda bu ýurduň prezidenti Serdar Bardimuhamedow bilen duşuşanda Eýran Yslam Respublikasynyň prinsipial syýasatyna, şeýle hem Ýokary Lideriň Türkmenistan ýaly goňşulary bilen gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi barada şeýle diýdi: Biz goňşudyrys we uzak araçägimiz bar, goňşy bolmakdan başga-da garyndaşdyrys.

Pezeşkian şeýle-de häzirki wagtda dünýäde parahatçylyga we doganlyga mätäçligimizi belläp, şeýle düşündirdi: Sebitde söýgi we doganlyk bilen ýaşamaly we özara gatnaşyklary ösdürmeli.

Pezeşkian halkara derejesinde "magtymguly pyragynyň" 300 ýyllygynyň hatyralama dabarasyna yşarat edip, bu gün bu konferensiýanyň gaty gowy guralandygyna şaýat bolduk we sebit we dünýä üçin iberen habary gaty gymmatly we manylydyr diýdi.

Bu duşuşykda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Bardimuhamedow "magtymguly pyragynyň" 300 ýyllygyny hatyralama dabarasynda doktor Pezeşkianyň bardygyny garşy almak bilen minnetdarlyk bildirýäris diýmek bilen çakylygymyzy kabul edendigiňiz we konferensiýa gatnaşanyňyz üçin sag bolsun aýdýarys  diýdi.

Bardimuhamedow şeýle hem Eýranyň prezidentiniň bu dabarada eden çykyşyny gymmatly diýip häsiýetlendirmek bilen bu gün gaty manyly çykyş etdiňiz dýip beýan etdi.

Duşuşygyň dowamy hökmünde taraplar medeni, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar.