Zarif:pompeoyň aýdan gürrüňleri Eýrana garşy gadaganlyklaryň delilsizdigini mälim edendir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i2572-zarif_pompeoyň_aýdan_gürrüňleri_eýrana_garşy_gadaganlyklaryň_delilsizdigini_mälim_edendir
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň CBS tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň daşary işler ministri wezipesine teklip edilen Mike Pompeonyň Eýran hiç haçan ýadro ýaragyň yzynda bolan däldir diýen gürrüňi Eýrana garşy amala aşyrlan gadaganlyklaryň delilsizdigini mälim edendir diýip nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 21, 2018 11:59 Asia/Ashgabat
  • Zarif:pompeoyň aýdan gürrüňleri Eýrana garşy gadaganlyklaryň delilsizdigini mälim edendir

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň CBS tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň daşary işler ministri wezipesine teklip edilen Mike Pompeonyň Eýran hiç haçan ýadro ýaragyň yzynda bolan däldir diýen gürrüňi Eýrana garşy amala aşyrlan gadaganlyklaryň delilsizdigini mälim edendir diýip nygtady.

ٍFars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,ٍEýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif henizem Amerika döwletiniň Eýrana garşy täze gadaganlyklaryň yzyndadygyny aýdyp Eýran Yslam Respublikasy ýadro ýaraglaryň yzynda däldir diýip yglan etdi.

Mike Pompeo 12-nji Aprelde Amerika senatynda eden çykyşynda Eýran ýadro ylalaşygyndan öňürti hem ýadro ylalaşygyň yzynda bolan däldir diýip yglan etdi.

Eýran bilen 5+1 toparynyň agzalaryny ybaratlaýan Britaniýa,Fransiýa,Orsýet,Hytaý, Amerika we Germaniýanyň arasynda hasyl bolan ýadro ylalaşygy 2016-nji ýylyň Ýanwaryndan ýerine ýetirilip başlanan bolsada emma bu toparyň bir agzasy bolýan Amerika mydama bu ylalaşygyň ugurynda iş bozarlyk edýändir.

Trump başga ýurtlaryň tersine ýadro ylalaşygyny aýylganç ylalaşyk bilýändir we ony bozmak ugurda tagalla edýändir emma dünýä oňa garşydyr.