Ymam Hameneýi: Sionist režimi we Amerika gaty jogap alar
(last modified Sat, 02 Nov 2024 10:37:26 GMT )
Nov 02, 2024 15:37 Asia/Ashgabat
  • Ymam Hameneýi: Sionist režimi we Amerika gaty jogap alar

Yslam rewolýusiýasynyň lideri, Eýran halkynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sütemine we zyýadatalaplyklarynyň garşysyna 70 ýyllap alyp baran göreşiniň esasy sebäplerini açyklap Bu ýeňişli ýolda Sionist režimi we ABŞ hökman Eýran halkyna garşy islendik hereketiniň barabarynda gaty jogaba sezewar bolar diýip nygtadylar.

"Sahab" ulgamynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň lideri Ymam Hameneýi, müňlerçe eýranly talyp bilen duşuşanda ulumsylyga garşy göreşmek ugrundaky okuwçylaryň biriniň teklibiniň jogabynda bu söweşde Eýran halkyny taýýarlamak üçin zerur harby, ýarag we syýasy çäreleriň görüljekdigini hemmeler bilsinler we häzirki wagtda häkimiýetler beýle zatlar bilen meşgullanýarlar diýdiler. Ol hezretleri Eýran halkynyň ulumsylyga garşy göreşini milletiň durmuşynyň çäginde hemişelik, üznüksiz mesele hasaplap Milletiň we häkimiýetleriň global ulumsylyga we häzirki dünýä tertibini dolandyrýan jenaýat enjamlaryna garşy durmakdaky umumy hereketi logiki ädim we din, şerigat, ahlak we halkara kanunlaryna laýyklykdadyr we milletdir häkimiýet bu meselede  ikirjiňlenmezler diýip beýan etdiler.