Eýranyň prezidenti: Amerikan saýlawlarynda kimiň ýeňiş gazanandygy möhüm däl
(last modified Thu, 07 Nov 2024 14:10:56 GMT )
Nov 07, 2024 19:10 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň prezidenti: Amerikan saýlawlarynda kimiň ýeňiş gazanandygy möhüm däl

Eýran Respublikasynyň Prezidenti Amerikan saýlawlarynda ýeňiş gazananyň kimdigi Eýran Yslam Respublikasyna ähmiýeti ýokdyr diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Masud Pezeşkian" Eýran Yslam Respublikasynyň düzgüniň içerki güýjüne bil baglap, abraýly we beýik milletdigini aýtmak bilen Eýran üçin Amerikanyň saýlawlarynda kimiň ýeňjekdigi hiç wagt möhüm däldi sebäbi Eýran we Eýran Yslam Respublikasynyň gurluşy içerki güýjüne bil baglaýar diýip mälim etdi.

Eýranyň prezidenti şeýle-de beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmekde Eýranyň ýapyk we çäkli pikiriniň bolmazlygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy yslam we goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegini ileri tutýar we yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirligi we jebisligi döretmäge çuňňur ynanýar diýip nygtady.

Pezeşkian şeýle-de, Yslam dünýäsiniň ähli ýurtlary dogan we ýaran bolan bolsady, sionist režimi Palestina we Liwanyň mazlum halkyny beýle öldürmek üçin het edip bilmezdi diýdi.

5-nji noýabrda geçirilen ABŞ-nyň 2024-nji ýyldaky prezident saýlaw kampaniýasynda "Donald Trump" saýlawda ýeňiş gazanar.