Tahte Rawançi: Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklar tutuş sebitiň bähbitlerinedir
Nov 19, 2024 08:24 Asia/Ashgabat
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary Eýran bilen Saud Arabystanynyň iki dogan we goňşy ýurt bolup, köp umumylyklary bardygyna salgylanyp, Tähran bilen Riýadyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklar tutuş sebitiň bähbitlerine hyzmat eder diýdi.
Sahabyň habaryna görä, Riýada giden Eýranyň Daşary işler ministrliginiň syýasy orunbasary Majid Tahte Rawançi X sosial ulgamynda Saud Arabystanyna sapary wagtynda kärdeşi Walid Al-Khariji bilen öndümli we netijeli duşuşandygyny ýazdy.
Tahte Rawançi şeýle-de bu duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara derejesinde dürli gyzyklanma bildirilýän temalarda pikir alyşyldy diýip sözlerine goşdy.