Aragçi: Eýran, sionistlere degişli wagtda we görnüşde jogap berer
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25840-aragçi_eýran_sionistlere_degişli_wagtda_we_görnüşde_jogap_berer
Eýranyň Daşary işler ministri ýakynda Ysraýyl režiminiň Eýrana eden hüjümi barada durup geçmek bilen, Yslam respublikasy reaksiýa bermek hukugyndan ýüz öwürmedi we öz wagtynda we degişli usulda jogap berer diýdi.
(last modified 2024-11-19T04:36:23+00:00 )
Nov 19, 2024 09:36 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran, sionistlere degişli wagtda we görnüşde jogap berer

Eýranyň Daşary işler ministri ýakynda Ysraýyl režiminiň Eýrana eden hüjümi barada durup geçmek bilen, Yslam respublikasy reaksiýa bermek hukugyndan ýüz öwürmedi we öz wagtynda we degişli usulda jogap berer diýdi.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Baş ştabynyň serkerdeleriniň we işgärleriniň ýygnagynda eden çykyşynda, Eýran halkara jemgyýetçiligine sionist režimiň soňky döwürde Eýrana eden hüjüminiň täze hüjümdigini we muňa jogap bermelidigini resmi taýdan yglan etdi diýdi.

Aragçi, "Wada Sadeq 3" operasiýasynyň ýerine ýetiriljek wagtyna salgylanyp, soňky 12 aýyň dowamynda Eýran örän akylly we sypaýyçylykly hereket etdi we kararlary heýejan esasynda bolmady; Wada Sadeq 3-de edil şonuň ýaly bolar diýip beýan etdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy urşuň öňüni alýan zadyň urşa taýynlykdygyny aýtmak bilen, haýbat atýan duşmanlar beýleki tarapdan ejizlige garaşýarlar we ejizligi görseler öz işlerini ederler; Şonuň üçin uruş şertlerinde berk we mäkäm durmak gaty möhümdir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri meýdan bilen diplomatiýanyň birdigini we biri-birinden aýry däldigini aýtmak bilen, diplomatiýa häkimiýete esaslanýar we güýç ýok bolsa, diplomatiýa peýdasyzdyr diýdi.