Galibaf Eýranyň garşylyk frontuna berýän goldawynyň dowam etjekdigini nygtady
Eýran mejlisiniň başlygy sebitdäki garşylyk frontuny goldamagy dowam etdirmäge ünsi çekdi.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Muhammet Bagyr Galibaf, Tähranda Siriýanyň Daşary işler ministri Basam al-Sabbag bilen bolan duşuşygynda, bar bolan bikanun sionist režimi yslam ýurtlary üçin zyýanlydyr; Ysraýylyň jenaýatçy režgimi Angliýa, Amerika we Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan döredilen soňky 75 ýyldan başlap şu güne çenli garşylyk frontunda yslam ýurtlarynyň howpsuzlygyny we ösüşini maksat edinýändigimize çyn ýürekden ynanýarys we biz bu maksada ýetýänçäk berk durarys we garşylyk frontuny goldaýarys diýdi.
Yslam Şura Mejlisiniň başlygy şeýle-de Siriýany garşylyk frontunyň öň hatarynda görýändigini aýtmak bilen Siriýanyň we Eýranyň sebitdäki roly üýtgeşikdir we Günbatar Aziýa sebitinde hiç bir jebislik we düşünişmek Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklardan möhüm däldir diýdi.
Bu duşuşykda Siriýanyň Daşary işler ministri Bassam al-Sabbag Eýranyň mejlisinde huzurly bolmakdan we kanun çykaryjy başlyk bilen duşuşmakdan hoşaldygyny aýtmak bilen sebitdäki sionist režimiň agressiýasy sebäpli ýüze çykýan dartgynly ýagdaýa duçar bolýarys we dostlukly we dogan ýurtlaryň bu mesele boýunça özara gatnaşyklary bolmalydyrlar diýdi.
Siriýanyň Daşary işler ministri şeýle-de duşmany yza çekilmäge mejbur edýän ýeke-täk zadyň söweşijileriň goldawy we meýdandaky gaýduwsyzlygydygyna ynanýaryn we söweş ugrundaky bu goldaw duşmanyň dildüwşüklerine ýol bermeýär diýip beýan etdi.