Ysraýylyň bir ruhanysynyň öldürilmeginde Eýranyň gatnaşygy bar diýlen aýyplama ret edeldi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25864-ysraýylyň_bir_ruhanysynyň_öldürilmeginde_eýranyň_gatnaşygy_bar_diýlen_aýyplama_ret_edeldi
Eýranyň Abu Dabidäki ilçihanasy BAE-de sionist ruhanysynyň öldürilmegi bilen baglanyşygy baradaky aýyplamany düýbünden ret etdi.
(last modified 2024-11-25T03:41:22+00:00 )
Nov 25, 2024 08:41 Asia/Ashgabat
  • Ysraýylyň bir ruhanysynyň öldürilmeginde Eýranyň gatnaşygy bar diýlen aýyplama ret edeldi

Eýranyň Abu Dabidäki ilçihanasy BAE-de sionist ruhanysynyň öldürilmegi bilen baglanyşygy baradaky aýyplamany düýbünden ret etdi.

Sionist režimmiň metbugaty ýekşenbe güni ýitirim bolan sionist ruhany "Tsefi Koganyň" jesediniň BAE-de tapylandygyny habar berdiler.

BAE-nyň Içeri işler ministrligi ýekşenbe güni agşam beren beýanatynda Koganyň öldürilmeginde günäkärlenýänleriň üçüsini tussag edendigini habar berdi.

BAE-de sionist ruhany Tesfi Koganyň öldürilmeginden soň käbir günbatar we sionist režimiň  metbugaty Eýran Yslam Respublikasyny bu sionist ruhanynyň öldürilmegine dahyllylykda aýypladylar.

Şu mazmunda Sahabyň hasabatyna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň BAE-däki ilçihanasy “Roýter” habar gullugynyň bu talaplar baradaky soragyna şeýle jogap berdi: Biz Eýranyň bu adamyň öldürilmegine goşulandygy baradaky aýyplamany düýbünden ret etýäris diýdi.