Eýran, Sionist režimiň Liwana garşy agressiýasynyň soňlanandygy baradaky habary garşy aldy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň Liwana garşy agressiýasynyň bes edilendigi baradaky habary garşy aldy we Eýran Yslam Respublikasynyň Liwan hökümetine, milletine we garşylygyna berk goldaw berjekdigini aýtdy.
2024-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan sionist goşun Liwanyň günortasyndaky dürli sebitlere giň gerimli hüjümleri amala aşyrdy we sionistleriň jenaýatlaryna jogap hökmünde Liwanyň Hizbullahy bu režimiň pozisiýalaryna garşy kop operasiýalary meýilleşdirdi we ýüzlerçe raketa atyp, Sionist goşunynyň bolýan ýerlerine raketalary ýagdyrdy.
Şu gün (çarşenbe) habar çeşmeleri Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky ýaraşyk şertnamasy şu gün irden güýje girdi diýip yglan etdiler.
Sahabyň Daşary işler ministrligine salgylanyp beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Ysmaýyl Bagaýi" Eýran Yslam Respublikasynyň Gaza we Liwana garşy söweşi derrew bes etmegiň zerurlygy we baradaky hemişelik pozisiýasyna we Eýranyň soňky 14 aýda bu maksada ýetmek üçin alyp barýan giňişleýin diplomatik ädimlerine yşarat edip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we käbir Ýewropa hökümetleriniň doly goldawy bilen bilelikde alnyp barylýan sionist režimiň uruş we jenaýatlarynyň netijesi 60,000 bigünä adamyň şehit bolmagy, 120,000 adamyň ýaralanmagy we başga-da köp Palestina we Liwanyň ezilen halkyndan üç ýarym milliondan gowrak adamynyň göçürilmegi we Gaza zolagynda we Liwanda möhüm infrastrukturanyň giňden weýran bolmagyny belläp geçdi.
Bagaýi sözüniň dowamynda, Halkara Adalat Kazyýetiniň genosidiň öňüni almak baradaky wagtlaýyn buýruklaryna we Sionist režimiň ýolbaşçylaryny Halkara Jenaýat Kazyýeti tarapyndan uruş jenaýatlary we adamzada garşy jenaýat aýyplamalary bilen tussag etmek kararyna üns bermek bilen, soňky 14 aýda urşuň we genosidiň bes edilmegine çagyrýan dünýäniň jemgyýetçilik pikiri şu gün basyp alyjy režimiň jenaýatçylarynyň kazyýet işine we jezasyna garaşýar diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary halkara jemgyýetçiliginiň Günbatar Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy goramak we agressiw sionist režime Gaza garşy söweşi duruzmak üçin täsirli basyş etmelidigini aýtdy.