Pezeşkian: Ýeewropalylar Eýrana sanksiýa bermek bilen özleriniň hakyky tarapyny görkezdiler
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Ýewropalylaryň Eýrana garşy girizilen sanksiýalar babatdaky duşmançylykly hereketlerini pikirlendiriji we oýandyryjy hasaplady.
18-nji noýabrda Ýewropa Bileleşigi, Eýran Yslam Respublikasyna garşy alyp barýan duşmançylykly hereketlerini dowam etdirip, beýanat berdi we Eýran Yslam Respublikasynyň gämi gatnawy toparyna we Eýranyň Ukraina konfliktine gatnaşygy bar diýen esassyz bahana bilen bu kompaniýanyň baş müdirine sanksiýa berdi.
Ýewropa Bileleşigi Eýranyň pilotsyz uçarlaryny we raketalaryny Russiýa geçirip, olary Ukraina söweşinde ulanjakdygyny öňe sürse-de, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Eýranyň ballistik raketalarynyň Russiýa eksport edilmändigini tassyklady.
Sahabyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Masud Pezeşkian" telewideniýede beren interwýusynda Eýranyň halkyna garşy duşmançylykly sanksiýalaryň girizilmegi barada beren gürrüňlerinde, Ýewropalylar bu işi bilen özleriniň hakyky keşbini görkezdiler we Eýranyň gämi gatnawyna we awiasiýasyna gadagançylyk girizip ABŞ-ny yzarladylar diýdi.
Pezeşkian sözüniň dowamynda şeýle-de Ýewropalylaryň edýän bu ýalňyşlyklary Eýranyň halkyny gynandyrmak we lapykeç etmekdir, ýöne başa barmaz diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Ýewropa bilen gepleşik gapylarynyň henizem açykdygyny aýtmak bilen, bu ýagdaý bilen, Eýran uruşyň yzynda däldigini we parahatçylyk gözleýändigini subut etmäge synanyşýar diýip sözlerine goşdy.