Aragçi EKO-ny has-da pugtalandyrmagy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi nygtady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25902-aragçi_eko_ny_has_da_pugtalandyrmagy_we_ykdysady_hyzmatdaşlygy_giňeltmegi_nygtady
EKO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Maşadda geçirilen 28-nji mejlisinde Eýranyň Daşary işler ministri bu duşuşygy sebit we global özgerişeri ara alyp maslahatlaşmak üçin pursat diýip atlandyrdy.
(last modified 2024-12-03T10:26:04+00:00 )
Dec 03, 2024 15:26 Asia/Ashgabat
  • Aragçi EKO-ny has-da pugtalandyrmagy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi nygtady

EKO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Maşadda geçirilen 28-nji mejlisinde Eýranyň Daşary işler ministri bu duşuşygy sebit we global özgerişeri ara alyp maslahatlaşmak üçin pursat diýip atlandyrdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni geçirilen ýygnakda Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi soňky bir ýylyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasy EKO guramasynyň nobatdaky başlygy bolup işledi we ähli tagallalaryny halkyň sazlaşygyny we kämilligini ösdürmek ugrundaky bu uly sebit guramasynyň möhüm maksatlaryny öňe sürmäge gönükdirdi diýdi.

Aragçi sözüniň dowamynda, EKO-ny has-da güýçlendirmek we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi nygtamak bilen bu sammit bu meselede pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilikdir diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministri, Razawi Horasan welaýatynyň mümkinçiliklerine ünsi çekip, tebigy gözel ýerlerden başga-da, bu welaýat köp ykdysady, söwda, syýahatçylyk, oba hojalygy, milli we sebit mümkinçiliklerine eýedir we EKO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Maşadda bolan döwründe bu mümkinçilikleriň käbirine şaýat bolar diýip umyt edýäris diýdi.

Aragçi şeýle-de Eýranyň Razawi Horasanyň Türkmenistan we Owganystan bilen goňşusy we Merkezi Aziýanyň gury ýer ýurtlaryny Eýranyň günortasyndaky erkin suwlar bilen baglanyşdyrmakdaky esasy roly bu welaýatyň ähmiýetini artdyrýandyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri sebitdäki wakalara hem salgylanyp, bir ýyldan gowrak wagt bäri sebitde we dünýäde sionist režimiň Gazanyň we Liwanyň halkyna garşy görlüp-eşidilmedik we wagşy jenaýatlaryna şaýat bolduk we soňky günlerde we Liwanda atyşyk bes edilenden soň, sebitdäki ýurtlaryň hüşgärligini we täsirli we gyssagly global çäre görmegi talap edýän ABŞ we Sionist režiminiň goldawy bilen takfiri toparlarynyň hereketlerini gördük diýdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (EKO) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň 28-nji ýygnagynyň 2 günüň dowamynda 20 sany daşary ýurt wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçiriljekdigini bellemelidiris.