Aragçi: Siriýada bolup geçen soňky wakalar diňe bu ýurt bilen çäklenmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25916-aragçi_siriýada_bolup_geçen_soňky_wakalar_diňe_bu_ýurt_bilen_çäklenmez
Eýranyň Daşary işler ministri Siriýadaky soňky wakalaryň diňe bu ýurt bilen äklenmejekdigini aýtmak bilen terrorçylyk we Siriýadaky wakalar Yragyň howpsuzlygyna hem howp salýar diýdi.
(last modified 2024-12-07T04:03:04+00:00 )
Dec 07, 2024 09:03 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Siriýada bolup geçen soňky wakalar diňe bu ýurt bilen çäklenmez

Eýranyň Daşary işler ministri Siriýadaky soňky wakalaryň diňe bu ýurt bilen äklenmejekdigini aýtmak bilen terrorçylyk we Siriýadaky wakalar Yragyň howpsuzlygyna hem howp salýar diýdi.

Sahabyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Yragyň “Al-Şarkiýa” kanalyna beren interwýusynda Günbatar Aziýada bolup geçýän wakalaryň çalt bolup geçýändigini we munuň özi köp soraglaray döretýändigini aýtmak bilen, bu çalt özgerişleriň aňyrsynda Amerikadan we Ysraýyl režiminden gelip çykýan pikir bar diýdi.

Aragçi sözüniň dowamynda Gazadan soň Liwana, soňra Siriýa geldiler we meniň pikirimçe, bu Siriýada durmaz we tutuş sebite howp abanýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Siriýadan ozal howplar diňe sionist režim bilen çäklenýärdi, ýöne indi Takfiri terrorçy toparlarynyň howpy hem artdy we Siriýadaky bu ýaragly toparlaryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan terrorist hökmünde ykrar edilendigi we tanalýandygy bellärliklidir diýip beýan etdi.

Aragçi, hamala terrorçylyga garşy göreşýän ýurtlaryň dymýandygyny ýa-da terrorçylary goldaýandygyny aýtmak bilen, olaryň pikiriçe, terrorçylygyň gowy we erbet iki görnüşi bar, eger bu terrorçylyk maksatlaryna laýyk gelýän bolsa, ony goldaýarlar we eger olaryň bähbitlerine garşy bolsa, oňa garşy göreşýärler diýdi.

Aragçi sözüni dowam etdirip, käwagt terrorçylygy şol dörän ýerinde ýok etmeli, kämahal hem serhetlerde garşylaşmaly, muny amala aşyrmagyň dürli ýollary bardyr diýdi.