Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň ewakuasiýa edilmegi baradaky habary inkär etmek
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25918-eýranyň_damaskdaky_ilçihanasynyň_ewakuasiýa_edilmegi_baradaky_habary_inkär_etmek
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary käbir habar beriş serişdelerine jogap hökmünde, Eýran Yslam Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasynyň ewakuasiýa edilmegi baradaky habar dogry däldir diýdi.
(last modified 2024-12-07T06:10:22+00:00 )
Dec 07, 2024 11:10 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň ewakuasiýa edilmegi baradaky habary inkär etmek

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary käbir habar beriş serişdelerine jogap hökmünde, Eýran Yslam Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasynyň ewakuasiýa edilmegi baradaky habar dogry däldir diýdi.

Siriýanyň hökümetine garşy çykýan ýaragly toparlar, 2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda irden käbir ýurtlaryň goldawy bilen Siriýanyň goşunynyň ýurduň dürli sebitlerindäki pozisiýalaryna uly hüjüm guradylar. Siriýada bolup geçen soňky wakalardan soň käbir habarlar we habar beriş serişdeleri Eýran Yslam Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasynyň ewakuasiýa edilendigini habar berdiler.

Şu nukdaýnazardan we IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ysmaýyl Bagaýi Eýran Yslam Respublikasynyň Damaskdaky ilçihanasynyň ewakuasiýa edilmegi baradaky habaryň dogry däldigini we Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasy işini dowam etdirýändigini aýtdy.