Ysraýyl režiminiň Siriýa eden hüjümi sionistleriň basyp alyşlygynyň beýanydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25922-ysraýyl_režiminiň_siriýa_eden_hüjümi_sionistleriň_basyp_alyşlygynyň_beýanydyr
Eýranyň Liwandaky ilçihanasy Ysraýyl režiminiň Siriýa eden hüjümini sionistleriň basyp alyşlygynyň beýany diýip atlandyrdy.
(last modified 2024-12-09T04:22:44+00:00 )
Dec 09, 2024 09:22 Asia/Ashgabat
  • Ysraýyl režiminiň Siriýa eden hüjümi sionistleriň basyp alyşlygynyň beýanydyr

Eýranyň Liwandaky ilçihanasy Ysraýyl režiminiň Siriýa eden hüjümini sionistleriň basyp alyşlygynyň beýany diýip atlandyrdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Liwandaky ilçihanasy X sosial ulgamdaky resmi sahypasyndaky habarynda, Sionist režimiň premýer-ministriniň 1974-nji ýylda Damask bilen Tel Awiwiň arasyndaky şertnamanyň bozulmagy we Ysraýyl güýçleriniň Siriýanyň territoriýasyna girmegi baradaky yglan edilmegini, çägi ýok bolan Sionist režiminiň açgözlüginiň aýdyň subutnamasy hökmünde kabul etdi.

Bu habar boýunça Sionist režimiň hereketleri, bu režimiň ýaraşyk şertnamalaryna ýa-da halkara kanunlaryna we şertnamalaryna üns bermeýändigini görkezýändir.

Eýranyň Liwandaky ilçihanasy şeýle-de Sionist režimi diňe güýç dili duruzyp biler diýip yglan etdi.

Siriýadaky wakalardan we Damaskyň terroristler we ýaragly oppozisiýa tarapyndan ele geçirilmegi bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň ýekşenbe güni Golan sebitinde Siriýa bilen Sionist režimiň arasynda "aýralyk" şertnamasynyň dbozulandygyny mälim etdi we basyp alnan Golanda aralyk zonasynyň gözegçilige alynmagyny buýurdy.

Bu hereketden soň metbugat çeşmeleri Sionist režimiň goşuny tarapyndan Siriýanyň territoriýalarynyň basyp alnandygyny habar berdiler we basyp alyjy sionist güýçleriň Kuneýtra aralaşmagynyň suratlaryny çap etdiler.