Aragçi: Siriýanyň halkynyň islegi ýerine ýetirilmeli
Eýranyň Daşary işler ministri garşylygyň mekdep we idealdygyny, hatda Siriýa bolmasa-da öz ýoluny tapjakdygyny we Siriýanyň halkynyň isleginiň durmuşa geçirilmelidigini aýdyňlaşdyrdy.
Sahabyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi telewideniýede beren interwýusynda sebitdäki soňky wakalar barada gürrüň gozgap, ABŞ we Sionist režimi tarapyndan garşylyk okunyň yzygiderli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy üçin aňyrsynda dizaýn bar diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda, Gazadaky we Liwandaky wakalardan soň bu hereketleriň dowam etmegi tebigy zatdy, ýöne meýdan we maglumat nukdaýnazaryndan Eýranyň we Siriýanyň aňtaw howpsuzlyk ulgamlary Idlibdäki we şol sebitlerdäki hereketlerden doly habarlydy we ähli degişli maglumatlar Siriýanyň hökümetine we goşunyna geçirildi diýdi.
Aragçi şeýle-de, geň galdyryjy zat, Siriýanyň goşunynyň bu herekete garşy durup bilmezligi, ikinjisi hereketleriň we özgerişleriň tizligidir diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Siriýanyň goşunynyň psihologiki meýdan tarapyndan ele salnandygyny aýtmak bilen Başar Assadyň öz goşunynyň ýagdaýyna we Siriýanyň goşunynda hyjuwyň ýoklugyna geň galandygyny aýtdy.
Aragçi, Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky 40 ýyllyk gatnaşyklaryna yşarat edip bu gatnaşyklar garşylyk, DAEŞ-a garşy göreş we Eýranyň Siriýa hökümetiniň halk we oppozisiýa bilen aragatnaşygyny goldamak ýaly üç dürli ugurda boldy diýdi.
Eýranyň diplomatik ulgamynyň başlygy şeýle hem, Yslam Respublikasynyň Siriýada söweş huzury DAEŞ bilen göreşmek boldy we DAEŞ ýeňilenden soň bu wezipe tamamlandy diýip aýtdy.
Eýranyň, Siriýanyň hökümetine düşünişmezlikleri çözmek üçin oppozisiýa bilen gürleşmäge hemişe ýol görkezýändigini aýdan Aragçi, hakykat, Siriýanyň hökümetine garşy çykýanlaryň dürli ugurlardan bolýandygyny aýtdy.