Baqaýi: Eýranyň has ösen sentrifugalary işjeňleşdirmek karary NPT-iň çäginde
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tähranyň ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasynyň (NPT) agzalarynyň hukuklarynyň çäginde has ösen sentrifugalary işjeňleşdirmek baradaky soňky karary degişli habar bermek bilen we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň gözegçiligi astynda bolandygyny aýtdy.
Ýewropa Troikasy (Germaniýa, Fransiýa we Angliýa) Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiriniň Eýranda 60% arassalygy bilen baýlaşdyrylan uranyň önümçiliginiň artmagy baradaky hasabatyna jogap hökmünde, Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy barada syýasy talaplary gaýtaladylar.
Ýewropa Troikasy, ýadro ylalaşygy boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki hereketsizligini aýtmazdan, Eýranyň hereketleri, ýadro ylalaşygny has boşlaşdyrar we onda raýat esaslary ýok bolsa-da, ýurduň baýlaşdyrylan uran ätiýaçlyklaryny artdyrar. Bu çäre şeýle-de, Agentlik goşmaça zerur çäreleri durmuşa geçirmezden ozal edildi diýip tosladylar.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ysmaýyl Bagaýi, Fransiýa, Germaniýa we Angliýanyň Daşary işler ministrlikleriniň metbugat wekilleriniň ýakynda Eýran Yslam respublikasynyň parahatçylykly ýadro maksatnamasyndaky özgerişleri barada beren beýanatlaryny ret etmek bilen Eýran, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň jogapkär agzasy hökmünde bu Agentlik bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny subut etdi we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň noýabr aýynda Tährana eden sapary wagtynda gazanylan düşünişmeler munuň subutnamasydyrdyr diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda, üç Ýewropa ýurdunyň, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiriniň geljekde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin esas bolup biljek Tährana eden saparynda gazanylan üstünliklere garamazlygyna gynanç bildirp, bu üç ýurdt konstruktiw däl çemeleşmesini dowam etdirdiler we Eýrana garşy karary tassykladylar diýip sözlerine goşdy.