Eýranyň Energetika ministri: Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda ösýär
Eýranyň Energetika ministri Abbas Aliabadi Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, esasanam transport, tranzit we energiýa ugurlarynda ösýändigini aýtmak bilen, bu hyzmatdaşlyk diňe bir iki ýurduň peýdasyna däl, eýsem sebitdäki beýleki ýurtlaryň hem peýdasynadyr diýdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä Abbas Aliabadi duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistan söwdagärleriniň we işewür adamlarynyň ykdysady konferensiýasynda we Eýran Yslam Respublikasynyň Eýran Agrofood ady bilen Aşgabat şäherinde geçirilen 16-njy eksklýuziw sergisinde, Eýran Yslam Respublikasynyň oba hojalygy, azyk senagaty we beýleki pudaklardaky mümkinçilikleriniň bir bölegini görkezýän Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylmagy, maglumat we tejribe alyşmak, şeýle hem iki ýurduň mümkinçilikleri we ukyplaryny özara tanamak üçin mümkinçilik döretdi diýdi.
Aliabadi sözüni dowam etdirip, bu ykdysady konferensiýa, iki ýurduň kompaniýalary üçin iki ýurduň hususy pudagynyň arasynda hyzmatdaşlygy we alyş-çalyşlary giňeltmek meselesini ýöriteleşdirilen we hünär taýdan ara alyp maslahatlaşmak we gepleşik geçirmek üçin mümkinçilik bolar diýip sözlerine goşsy.