Sionist režimiň Ýemeniň infrastrukturasyna eden hüjümini berk ýazgarmak
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň Ýemeniň infrastrukturasyna, şol sanda Sana'a elektrik stansiýasyna, "Ras Al-Eisa" ýangyç guýujy tanklaryna we Ýemende Al-Hodeidah portuna eden hüjümlerini berk ýazgardy.
Sahab ulgamynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Ysmaýyl Bagaýi Hamaneh" Sionist režimiň Ýemeniň raýat infrastrukturasynyň weýran bolmagyna sebäp bolan Ýemeniň infrastrukturasyna eden agressiw hüjümlerini , halkara hukugynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň gödek bozulmagy hasaplap,
Sionist režimiň jenaýatlarynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şertsiz goldawy astynda bolup geçýändigini we Waşingtonyň Tel Awiwi dolandyrýan jenaýat toparynyň jenaýatlaryna hyzmatdaşdygyny aýtdy.
Bagaýi Hamane şeýle-de Ýemen halkynyň ezilen Palestina halkyna berýän abraýly goldawyny we raýdaşlygyny hormatlamak bilen Sionist režimiň agressiýasyny duruzmak üçin we bu režimiň Halkara Jenaýat Kazyýetiniň düzgünnamasynda görkezilen ähli jenaýatlary, esasanam agressiýa we uruş jenaýatlaryny edenligi üçin kazyýete çekmek ugurda halkara jemgyýetçiliginiň we yslam dünýäsiniň kanuny we ahlak jogapkärçiligi bolýandygyny aýtdy.
Şu gün (penşenbe) ir bilen Sionist režimiň söweşijileri Ýemeniň paýtagty Sana'a we Ýemeniň günbataryndaky Hodeidah welaýatyna hüjüm etdiler.
Ýemeniň metbugat çeşmeleri sionist režimiň bu ýurduň sebitlerine agressiw howa zarbalary netijesinde azyndan 12 Ýemen raýatynyň şehit bolandygyny we ýaralanandygyny habar berdi.