Larijani: Garşylyk toparlary henizem diridirler
Yslam rewolýusiýasynyň lideriniň geňeşçisi, garşylyk toparlarynyň henizem diridigini aýtmak bilen, Hamas, Liwanyň Hizbullahy we beýleki garşylyk toparlary özlerine edilen zarba garamazdan guramalaryny dowam etdirdi.
Sahab ulgamyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýasynyň lideriniň geňeşçisi "Ali Larijani", general Haj Gasem Soleýmanyň şehit bolmagynyň ýyl dönümi mynasybetli çarşenbe güni agşam ýörite habar gepleşiklerinde Ysraýyl režimi Gaza zolagynda gyrgynçylyk etdi, ýöne Hamas hereketini ýok edip bilmedi, Hamasa zarba uruldy ýöne diri, sebäbi bu režim maksatlaryna ýetip bilmedi diýdi.
Larijani şeýle-de Liwanyň Hizbullahynyň özüne laýyk mirasdüşerleri saýlap alyp, özüni täzeden gurup bilendigini sözüniň üstüne goşdy.
Yslam rewolýusiýasynyň lideriniň geňeşçisi çykyşynyň başga bir bölüminde Şehit Soleýmanyň şahsyýet aýratynlyklarynyň arasynda gaýduwsyzlygy we düşünjäni sanap geçmek bilen, ol şol döwrüň suratkeşidi diýdi.
Larijani, Şehit Sardar Soleýmanyň sebitde DAEŞ terror toparynyň döremegine garşy Yslam Eýranyň howpsuzlygyny goramakdaky roluny özboluşly diýip häsiýetlendirmek bilen, duşmany ýurduň çäginden daşarda basyp ýatyrmak üçin çykdaýji etmek özi üçin maýa goýumdyr diýdi.
Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Kuds güýçleriniň öňki serkerdesi general "Gasem Soleýmani" Yrak häkimiýetleriniň resmi çakylygy boýunça 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda bu ýurda sapar eden wagty Yragyň Halk Mobilizasiýasynyň (Al-Haşd al-Şaabi) başlygynyň orunbasary "Abu Mahdi Al-Muhandis" we 8 ýoldaşy bilen bilelikde Bagdad howa menziliniň golaýnda Amerikanyň agressory we terrorçy güýçleriniň howa hüjüminde şehit boldy.